Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň duşuşygy geçirildi
Iýl 28, 2026
27-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklarynyň — Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň meýdançalarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Eýran tarapy Türkmenistany onuň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.
Duşuşyga gatnaşyjylar Hökümetara toparynyň ornunyň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ähli esasy ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine bolan özara gyzyklanmany tassykladylar.