«Awazada» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi
Okt 8, 2026
8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň bu syýasy hyzmatdaşlyk görnüşiniň durmuşa ukyplylygyny, peýdalylygyny we ýokary netijeliligini ynandyryjylyk bilen görkezendigini aýratyn bellemek gerek. Bu duşuşyklar açyk, dostlukly we konstruktiw dialog üçin möhüm meýdança bolup durýar.
Şu formata gatnaşýan taraplaryň umumy pikirine görä, şeýle mehanizm Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda seslenmäge, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak bilen milli ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge we durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy bilen Türkmenistan bu formatyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary konsultatiw duşuşygyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.
Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Tejribäniň görkezişi ýaly, Konsultatiw duşuşyklary geçirmek baradaky başlangyç häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde hyzmatdaşlyk ruhuna doly laýyk gelýän hem-de uly ähmiýete eýe bolan başlangyç hökmünde özüni görkezdi. Şu günki günde onuň diňe bir sebit derejesindäki syýasy gepleşikleriň görnüşi bolman, eýsem halkara ähmiýetine eýe bolan möhüm şertleriň birine öwrülendigini ynam bilen aýdyp bolar» diýip belledi.
Hut şol duşuşygyň barşynda Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasynyň konsultatiw duşuşyklaryň işine doly hukukly agza hökmünde goşulmagy baradaky teklibi öňe sürdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň häzirki konsultatiw duşuşygynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň düzgünleşdiriji resminamalary hakynda» Karar hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi