21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Seulda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýn 22, 2026

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew 22-nji iýunda Seul şäherinde Koreýa halkara söwda birleşiginiň (KITA) wise-prezidenti Li Sang-joon bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň esasy ugury şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek ilkinji "Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy" sammitiniň çägindäki ykdysady çäreleri guramak boldy.

Li Sang-joon Koreýa Respublikasynyň Türkmenistana ägirt uly mümkinçilikleri bolan strategiki hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny we sebit bilen gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Geljegi uly ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygyň hatarynda energiýa, nebithimiýa, ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şäher gurluşygy hem-de "akylly şäher" tehnologiýalary bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar sentýabr aýyndaky sammit üçin meýilleşdirilen ähli çäreleriň üstünlikli tamamlanmagyny üpjün etmek üçin ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.