ABŞ-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
Awg 5, 2026
Ýakynda ABŞ-nyň San-Diýego şäherinde «Fit International» kompaniýasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Dabara döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly myhmanlar gatnaşdy.
Çäräniň çäginde guralan ýörite sergi myhmanlary Türkmenistanyň baý medeniýeti, taryhy we gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de ýygnananlara ýurduň ösüşlerini görkezýän suratlar we wideoşekiller görkezildi.
Dabarada Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew çykyş etdi. Ilçi ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, iki ýurduň şanly baýramlarynyň parahatçylykly ösüşi, özygtyýarlylygy we özara hormat goýmagyň belent nusgasyny alamatlandyrýandygyny nygtady.
Çäräniň esasy wakalarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.
Öz gezeginde, «Fit International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kirt Edwards Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.