Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynda ösüş depginleri ýokarlanýar
Okt 3, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow 2-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ulag-kommunikasiýa toplumynda 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabaty diňledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde gazanylan görkezijiler barada döwlet Baştutanyna habar berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we hödürlenen hyzmatlaryň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,7 göterime ýetdi. Ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagyň ösüş görkezijisi 108 göterime, ýolagçy gatnawlarynyň ösüş depgini bolsa 102 göterime deň boldy.
Şeýle hem degişli döwürde pudaklaýyn düzümler boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Hususan-da, Demir ýol ulaglary ministrliginde hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrliginde 115,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynda 121,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda 105 göterime, Aragatnaşyk ministrliginde bolsa 115,3 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty jemläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ýolagçy hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem demir ýol ulgamynyň geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.