21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Noý 9, 2026

Ýurdumyzda dabaraly bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary we süýjülikler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu çäre ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Milli senenamamyzdaky şanly seneleriň hormatyna çagalara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde geçirilen dabarada çagalar baýramçylyk sowgatlaryny uly buýsanç we çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmekleri üçin oňaýly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtadylar.

Şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde bellenilen baýramçylyk çäresi ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar özlerine gowşurylan sowgatlar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Milli Liderimize bolan çuňňur hoşallyklaryny joşgunly aýdym-sazlar, tanslar we goşgy setirleri arkaly beýan etdiler.

Çäreleriň ahyrynda gatnaşyjylar bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy we ukyp-başarnyklaryny açyp bilmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.