21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda «e-Visa» elektron wiza ulgamy işe girizildi

Okt 2, 2026

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara ýurdumyza gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga, gitmäge hem-de üstaşyr geçmäge rugsat berýän «e-Visa» elektron wiza ulgamy resmi taýdan işe girizildi. “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda girizilen bu täze sanly ulgam 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap Internet torundaky ýörite web-saýtyň üsti bilen hyzmat edip başlady. Bu barada döwlet edaranyň resmi saýtynda habar berildi.

Täze sanly hyzmat Türkmenistana gelýän daşary ýurtlylaryň wagtyny ep-esli tygşytlamaga, resminama amallaryny elektron formata geçirmäge hem-de ähli resmileşdiriş işlerini gysga wagtda we ýeňilleşdirilen tertipde tamamlamaga amaly mümkinçilik döredýär. Şeýle hem ol Döwlet migrasiýa gullugynyň iş netijeliligini ýokarlandyryp, hödürlenýän hyzmatlaryň häzirki zaman halkara standartlaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy тарапындан halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Täze «e-Visa» ulgamy hem ýurdumyzyň halkara migrasiýa ulgamyndaky sanly özgerişlikleriniň möhüm ädimidir.