21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Ýaponiýanyň Daşary Söwda Guramasy bilen duşuşyk geçirildi

Dek 1, 2023

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) täze bellenilen Ýerine ýetirji wise-prezidenti jenap Nobutaka Maekawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşy barada pikir alyşdylar.

Ýapon tarapy kiçi we orta kärhanalaryň arasynda özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bilen bagly zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny habar berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi