21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Ýerewanda türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Ýan 17, 2026

Ýerewan şäherinde 15-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti N.Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy B.Arazow, Ermenistan Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy, Türkmenistanda we Ermenistanda ykdysadyýeti ösdürmek, işewürligi alyp barmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça döredilýän mümkinçilikler barada aýtdylar.

Soňra işewürlik duşuşygyna gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda işewürligi alyp barmak hem-de maýa goýum mümkinçilikleri baradaky tanyşdyrylyşlar görkezildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi