turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87

Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär
Ýan 14, 2025
13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýuna meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi