turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87

Yslam ösüş banky Türkmenistanyň 3 welaýatynda Onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirmegi teklip edýär
Okt 11, 2023
9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli Onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy.