21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

«Zenan we tebigat» atly döredijilik duşuşygy boldy

Mar 4, 2026

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda «Zenan we tebigat» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga bilim, saglygy goraýyş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli, şeýle-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy we howa boýunça Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryň çäginde, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3.0) täzelemek işine goldaw bermek» taslamasynyň tehniki taýdan ýardam bermeginde guralan bu çäre gelin-gyzlaryň 40-a golaýyny bir ýere jemledi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş edip, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde zenanlaryň aýratyn ornunyň bardygyny bellediler.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri hem-de ýaş ekologiýa meýletinçileri howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara derejedäki wezipeler hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalar boýunça özara tejribe alyşdylar.

Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary hünärmenler bilen gyzykly söhbetdeşlik guramak bilen, özlerini gyzyklandyrýan sowallara anyk jogaplary aldylar.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylara gurama tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döredijilik duşuşygy ýaş gelin-gyzlaryň ekologiýa başlangyçlaryny goldamaklary we tejribe alyşmaklary üçin netijeli meýdança boldy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" internet gazeti